Žurnalistiň sahypasy

Ak öý – myhmansöýerligiň nyşany

31-05-2023 / 15

Ak öý türkmenleriň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşanydyr. Ak öý gadymy kökleriň we çeşmeleriň, taryhy-medeni mirasyň özboluşly nyşanydyr.

Welaýatlarymyzda golaýynda gurlan “Türkmeniň Ak öýi” binalarynyň özboluşly keşbinde milli binagärligiň ajaýyp däpleri hem-de binagärlik sungatynyň häzirki zaman gazananlary aýratyn sazlaşyk döredýär. Döwrebap serişdeler şeýle uly desgada türkmen ak öýleriniň  däp bolan bezegini saklap galmaga mümkinçilik berdi. Ak öýüň altyn guşagynda milli haly nagyşlary şekillendirildi.

Ak öýüň girelgesi däp bolan ýörelgelere esaslanýar. Ägirt uly gapynyň ýokarsynda eňsi haly bezegi ýerleşdirilipdir. Ol mukaddes maşgala ojagynyň goragçysynyň gaýduwsyzlygyny alamatlandyrýar. Eňsiniň ýüzüne ýaý hem-de peýkam görnüşinde  tumar berkidilipdir. Gapynyň öňüne ajaýyp haly önümi bolan “gapylyk” asylypdyr.

Şäherlerimiziň keşbiniň barha döwrebaplaşmagy, täze binalaryň köpelmegi, ýaşaýyş-durmuşymyzyň eşretlere beslenmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgämiziň bize eçilýän miwesidir. Täze taryhy döwrümiziň many-mazmunyny baýlaşdyrýan, raýatlaryň ruhlaryny belende göterýän şeýle tutumly işler ruhumyzy göterýär, geljegimiziň häzirkisinden hem eşretli boljakdygyny bize buşlaýar.

Maýsa AKGAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu