Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak

31-05-2023 / 8

30-31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistan we Eýranyň dürli ugurlar boýunça iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýandygynyň subutnamasydyr.

Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki ýurduň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar bilen pugtalandyrýarlar.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň durmuşa geçirilen taslamasy bilelikdäki taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir. Bu polat ýol Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady taýdan has amatly demir ýol ugry bolup, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmat edýär. Iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar söwda-ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän netijeli gurallary işläp taýýarlamak maksady bilen döredildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda medeniýet, bilim ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy, türkmen we eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlardyr forumlar geçirilýär. Özara Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri, bilelikdäki beýleki çäreler yzygiderli esasda guralýar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyn bolmagy Türkmenistanyň we Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyny hem şertlendirýär.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna şu gezekki sapary we onuň dowamynda meýilleşdirilen duşuşyklar, şol sanda dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklar netijeli döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga itergi bermäge gönükdirilendir.

Murat ASTANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu