
Tomus paslynyň ilkinji gününde — 1-nji iýunda dünýäniň ençeme ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalary goramagyň halkara gününiň ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalmagy ugrunda Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny alamatlandyrýar.
Çagalar hakynda alada geljege iň ygtybarly maýa goýumdyr. Bu günki ýaş nesiller — ýurduň ertiri, jemgyýetiň ösüşini ilerletjek adamlardyr. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we islendik ýaşda hemmeler üçin abadançylyga ýardam bermek» diýip atlandyrylýan 3-nji hem-de «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin tutuş ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek» atly 4-nji maksady hem, ilkinji nobatda, çagalaryň ösüşi hem-de abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz: «Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr» diýmek bilen, ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, terbiýe we ýokary hilli bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda irginsiz tagallalary edýär. Şoňa görä-de, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, zehinini hem-de başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu günki gün ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, dürli hünärler bilen meşgullanmagy hem-de boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda döredilýän şertler dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilýär.
Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly, bu ugurda halkara hukuk resminamalarynyň ençemesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bolsa ýurdumyzyň ýaş nesilleriň abadançylygy ugrunda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amal edilýän işleriň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.
Agamyrat ŞAJANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



