
1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni. Bu sene ýurdumyzda ýaş nesil barada yzygiderli alada edilýändigini alamatlandyrýan şanly senedir.
Baryp-ha ir döwürlerde türkmen öýünde perzent dünýä inenden aýratyn aladalar edilip, öýüň ulusynyň-kiçisiniň bar ünsi çagada bolupdyr. Ak öýüň töründe bäbejik üçin ýörite sallançak gurlupdyr. Sallançak çalaja üwrelip, çaga rahat ýatyp, ukusyny alar ýaly şert döredilipdir. Ene özüniň perzendini: «Meniň balam aý ýaly, Aýa-Güne taý ýaly» diýen ýaly mylaýym, hoşamaý sözler bilen taryplap hüwdüläpdir. Gyz perzendiniň asylly, edepli-ekramly bolmagyny, ogul perzendiniň batyr, edermen, dogumly bolmagyny arzuw edip, özüniň ýürek owazy bilen beýan edipdir.
Akyldarlaryň biri öz döwründe: «Siz terbiýeleýän perzentleriňize öz mähriňizi, söýgiňizi geçirip bilseňiz, olardan şonça-da mähir alyp bilersiňiz» diýen ýazgyny galdyrypdyr. Görşümiz ýaly, bu aýdylan ajaýyp jümle ene-mamalarymyzyň durmuşyň dürli synaglaryndan geçen paýhasly pikirleri bilen gabat gelýär. Munuň özi ene-atalaryň, islendik uly adamlaryň çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet berip, özleriniň örän mähirli bolmalydyklaryny aňladýar.
Baldan süýji balalar bagtyýar durmuşyň gül-gunçalarydyr. Olar biziň röwşen ertirlerimiz, geljegimizdir. Bagtyýar maşgala ojagyny hem çagasyz göz öňüne getirmek, asla mümkin däldir. Öýlerimiziň agzybirligini, abadanlygyny, bagtyýarlygyny goşalandyrýan, dabaralandyrýan balalarymyzdyr. Çagalaryň şadyýan gülki sesleri, olaryň şatlyk-şowhuny dünýämizi bezeýär. Şonuň üçin hem çaga durmuşyň bezegi diýilýär.
Ýurdumyzda bu günki günde çagalaryň hukuklary kanun tarapyndan goralýandyr. Döwletimiz BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Onuň bilen bilelikde asylly maksatlara gönükdirilen işleri alyp barýar.
Binýady halallykdan tutulan täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesil barada bimöçber aladalar edilýär. Olaryň sagdyn bedenli, kämil ruhly, bilimli, ylymly, arassa ahlakly, ynsanperwer, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Çaga terbiýesine ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem uly üns beripdirler. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bolsa ýaş nesiller hakda alada, çaga terbiýesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Göwher MOWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.



