
Omega-3 ýetmezçiligi, esasanam deriniň üstünde çynlakaý näsazlyklara sebäp bolup biler. Möwsümleýin üýtgemeler we iýmitleniş endikleri ýaly täsirler witaminleriň we ýag kislotalarynyň azalmagyna sebäp bolup biler. Ine, Omega-3 ýetmezçiliginiň bedende görünýän birnäçe täsirleri:
Omega-3 ýag kislotalary beýniniň işleýşinde örän täsirli. Ýöne ol ýetmezçilik edende özüňizi güýçsüz, depressiýaly, ýadaw we gaharjaň duýup bilersiňiz. Esasanam haýsydyr bir zada ünsüňizi jemläp bilmeseňiz we ünsüňiz sowulýan bolsa, onda bedeňizdäki ýag kislotasynyň mukdary peselip barýandygynyň alamatydyr.
Bedene energiýa berýän we beýniniň işleýşini gowulaşdyrýan Omega-3 ýetmezçiligi, uky näsazlyklaryna hem sebäp bolup biler.
Bedeni sowuk howadan goramaga kömek edýän ýag kislotalary azalanda, ellerde we aýaklarda sowuk we ýylylyk däl meseleler ýüze çykyp biler.
Goňak kelläniň guramagy sebäpli ýüze çykyp biler. Omega-3 ýaglary deriňizi we saçyňyzy güýçlendirýändir.
Witaminleriň we minerallaryň siňdirilmegini çaltlaşdyrýan Omega-3 ýetmezçilik edeninde, dyrnaklaryňyz has çalt döwülip biler.
Saçyňyz has köp düşüp biler we nähili şampun ulansaňyz hem saçlaryňyz jansyz görünmegini dowam etdirer. Şeýle ýagdaýda Omega-3 ulanmak saçyňyza ep-esli täsirini ýetirer.
Ýüz gözelligi üçin Omega-3 örän peýdaly bolup, ol derimiziň has janly görünmegine itergi berýär.
Bedeniňizi nemlendirseňizem gitmeýän oýuklar görnüşindäki guraklyk bar bolsa, onda bu ýagdaý Omega-3 ýag kislotalarynyň azalmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Bedeni nemlendirmäge kömek edýän Omega-3-den başga-da, köp suw sarp etmek hem möhümdir.
Muhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.