
Biziň ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary berjaý etmegi boýun aldy.
Türkmenistan BMG-niň kabul eden köpsanly halkara resminamalaryny hem kabul etdi. Çagalaryň hukuklary we olaryň goragy hakyndaky halkara resminama hökmünde, ýurtlaryň heniz taryhda görülmedik köplügi bilen ratifisirlenen Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýada ynsana degişli ähli hukuklardan çagalaryň hukuklary doly haklydygy ykrar edilýär. Bu halkara hukuk resminamasy 1989-njy ýylyň noýabr aýynyň 20-sine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi we 1990-njy ýylda güýje girdi.
Çagalara howandarlyk etmegiň meselelerinde çagalaryň bähbitleriniň birinji derejede möhümdigine pugta ynanyp, çagalara olaryň bikanun alnyp gidilmeginiň ýa-da goýberilmezliginiň amatsyz netijelerinden serhetüsti goragyny bermäge hem-de olaryň hemişelik ýaşaýan döwletlerine haýal etmän gaýtarylmagyny üpjün etmegi, şeýle hem ýanyna barmak hukugynyň goralmagyny üpjün etmegi maksat edinýän amallary işläp taýýarlamaga çalyşmak maksady bilen 1990-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Gaagada Çagalaryň serhetüsti ogurlanmagynyň raýat jähtleri hakyndaky Konwensiýasy kabul edildi.
Türkmenistan döwletimiz daşary ýurt döwletleri bilen bir hatarda çagalaryň hukuklary we olaryň goraglygy bilen bagly halkara hukuk resminamalary kabul etmek we olary ýerine ýetirmek işlerden başgada halkara derejesinde bellenilip geçilýän ähli baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Ynha, şular ýaly baýramçylyklaryň biri hem her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilip geçilýän “Çagalary goramagyň Halkara günüdir”. Bu sene Türkmenistan döwletimiziň milli baýramçylyklaryna öwrülen günleriň biridir. Çagalary goramagyň halkara gününiň döremeginiň öz taryhy bardyr. 1949-njy ýylda Fransiýada Zenanlaryň Halkara demokratik Federasiýasynyň Geňeşiniň sessiýasynda 1-nji iýun çagalaryň goragynyň güni diýlip çözgüt çykarylýar we 1950-nji ýylda 51 döwlet bu baýramçylyk bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem öz gezeginde bu pikiri goldaýar we çagalaryň hukuklaryny, janyny we saglygyny goramaklygy öz işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolar diýip yglan edýär. Şeýlelik bilen 1950-nji ýyldan başlap bu güni Çagalary goramagyň Halkara güni diýlip bellenilip başlandy. 1-nji iýun tomus paslynyň ilkinji güni, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan tomus dynç alyş döwrüniň başlanýan güni bilen Çagalary goramagyň Halkara gününiň gabatlanyp bellenilmegi dünýädäki ähli çagalaryň şatlygyny has-da ýokary galdyrýar. Häzirki wagtda bu baýramçylygyň ýaşyl reňkli düşegiň merkezinde Ýer şarynyň şekili, töweregi bäş sany dürli reňkdäki adamjyklaryň görnüşleri ýerleşdirilen baýdagy hem bardyr.
Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda doly öz beýanyny tapýar.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



