
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen biziň ýurdumyzy hoşniýetli erk, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki döwürde halkara giňişlikde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň belentdigine, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli özara hereketleri ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary edarasy bolup, onuň mejlisleri her ýylda geçirilýär. Türkmenistan ŞHG bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardyr.
2022-nji ýylda bu abraýly guramanyň Özbegistanda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär.
Türkmenistan harytlaryň we hyzmatlaryň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyna görä, Hazar ugruna uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik ulgamy döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr.
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hususyýetçilik, telekeçileriň yzygiderli gatnaşyklary üçin şertleri döretmek boýunça has ýakyn, netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär.
Medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar hem ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibindedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy bolup, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini we ösdürilmegini doly goldaýar.
Muhammetnur GARABAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



