Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar. Ýollar. Ýyllar

28-05-2023 / 8

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryndan, pederlerimiziň kämil nesli ýetişdirmek we has bagtyýar geljegi döretmek babatdaky ýörelgelerinden ugur alyp ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde ýaşlar baradaky aladalaryň üns merkezinde saklanmagy biz — ýaşlary tüýs ýürekden buýsandyrýar. Bu günki türkmen ýaşlarynyň beden taýdan sagdyn, belent ruhly, edep-terbiýeli, ylym-bilimli keşbini kemala getirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler, toplumlaýyn çäreler degişli tagallalaryň özenini düzýär. Kanuna we maksadalaýyk alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň wezipeleri bagtyýar nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, ata Watanymyza, mähriban halkymyza mynasyp ruhda ýetişdirmäge we goldamaga gönükdirilýär.

Garaşsyz Diýarymyzda türkmenistanly ýaşlaryň ösüşine itergi bermekde, olary belent maksatlara ruhlandyrmakda üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem taryhy ähmiýet bar. Ýylyň şygary geljegini ýaş neslinde görýän ähli halkymyzyň, esasan hem ýaş raýatlaryň kalplaryny buýsanja besläp, göwünlerini göge göterdi. Täze menzilleriň gözbaşy, juwanlyk hakdaky dessanlara sözbaşy bolan bu şygarda ýaşlara we olaryň zehinlerine, başarnyklaryna, döredijiligine we asylly işleri bitirjekdiklerine bildirilýän mukaddes ynamyň güýji görünýär. Çünki ynam gursagy hyjuwly, köňli joşgunly ýaşlary täze menzillere ýetmäge ruhlandyrýar.

Bildirilen ynamy ödemek bolsa perzentlik parzy hasaplanylýar. Şonuň üçin hem ezber, edenli, edepli türkmen nesilleri okap, öwrenip, döredip, öz gadamlaryny has-da aýgytly basýarlar. Ähli ulgamlarda we pudaklarda türkmen ýaşlary tiz we netijeli kämilleşip ýurdumyzyň ösüşlerine, taryhy ähmiýetli beýik işlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaş türgenler türkmen Tuguny belentde parlatsa, zehinli ýaşlar halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazanýarlar. Ýaş şahyrlar täze eserleri döretse, ýaş alymlar innowasion taslamalary işläp-düzmegiň hötdesinden gelýärler. Bularyň özi ýurtda ýaşlaryň bähbitlerine gönükdirilen tagallalaryň aýdyň miwelerini ýüze çykaryp, kämilligiň ümzügini diňe öňe ilerletmäge itergi berýär.

Geljek sagdyn nesiller bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem aň we beden taýdan sagat, saglykly we sagadatly perzentler baradaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda körpe nesilleriň irki ösüşinden başlap, ýaş aýratynlyklaryna görä ähli çagalaryň, ýaş ýetginjekleriň we ýaş maşgalalaryň saglygyny üpjün etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler döwrebaplygy tapawutlanýar. Şeýle hem ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine, köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmekde giň şertler döredilýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, stadionlaryň we sport mekdepleriniň sanynyň barha köpelýändigi bolsa röwşen geljegiň binýadynyň berkden tutulýandygyny doly derejede tassyklaýar.

Şatlyk ORAZMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugalymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu