Žurnalistiň sahypasy

Bagtly çagalygyň goragynda

27-05-2023 / 7

Öý-ojagy ala-ýaz edýän naşyja çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň örki hasaplanylýar. Ähli ýagşy arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy bolan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gül-gunçalary, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri  üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çagalar hakyndaky alada  döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Danalaryň aýdyşy ýaly, nirede bagtyýarlyk, parahatçylyk bar bolsa, şol ýerde çagalaryň şadyýan sesleri, gülküleri has belentden ýaňlanýar. Çaga biziň dünýämiziň iň uly şatlygydyr. Çaga owazy, çaga gülküsi ähli owazlardan tapawutlanýar.

Ýurdumyzda enäniň, çaganyň saglygyny gorap saklamak babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy tassyklanyldy. Çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu bolsa ata Watanymyz Türkmenistanda alnyp barylýan ähli üstünlikli özgertmeleriň ýaş nesliň geljegine gönükdirilendigini aýdyň beýan edýär. Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň hukuklary we kanuny bähbitleri goralyp, bu babatda Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar we  giň gerimli işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan çagalaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuşy, olaryň hukuklaryny goramak bilen bagly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Çagalar gaznasy ýurdumyzda çagalaryň arasynda dürli çäreleriň, gyzykly bäsleşikleriň guralmagyna we olaryň täsirli geçirilmegine işeňňir gatnaşýar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Dünýäni haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalarymyzyň müňlerçesi dynç alyp, öz saglyklaryny berkidýärler. Ýaş nesiller çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Zehinli çagalarymyzy döredijilige, aýdym-saza çekmek maksady bilen ýylyň-ýylyna «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana  nesil» atly bäsleşikler, şeýle hem ýurdumyzda we halkara derejesinde ders, taslama bäsleşikleri, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.

Togta BAZARBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu