
Ýaşlar — jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy. Ýurdumyzda ýaşlar üçin mümkinçilikleriň ähli gapysy açyk.
Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda tutumly işleriň başyny başlady we ol işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek üçin uly tagallalar edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan iri sport toplumlary, ilkinji nobatda, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilmegini üpjün etmäge gönükdirilen işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilim we sport babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň özenidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaşlary bilen baglanyşdyrylýar.
Ynama eýe bolmak aňsat iş däl. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň biz — ýaşlara bildiren uly ynamy ömrümiziň bezegine, ýollarymyzyň şamçyragyna öwrüler. Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup, her bir meselede Watan bähbidini ileri tutmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak maksadymyzdyr.
Aknur ALLABERDIÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



