
Türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylaryna tutuş dünýe aşyk.
Öwşün atýan reňkleri bilen gözelligi we näzikligi özünde jemleýän bu inçe sungat türkmen halkyna has irki döwürden bäri mahsusdyr. Munuň şeýledigine taryhy çeşmeler, arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri, muzeýlerden saklanýan gadymy haly we haly önümleri hem şaýatlyk edýär. X asyrda ýaşap geçen taryhçy Makdisi Gürgençden äkidilen halylar, XIII asyryň arap alymy Jahyz ajaýyp halylaryň Merwiň çäklerinden çykandygy barada öz ýazgylarynda belläp geçýärler. Bu maglumatlar Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edýän döwründe dünýäniň çar tarapyndan gelýän täjirleriň türkmen halylaryny höwes bilen satyn alyp, alys ülkelere äkidendiklerini tassyklaýar. Nişapurda, Abiwertde, Nusaýda tapylan tapyndylar bu sungatyň gadymydygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri bolsa XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişlidir. Ol dünýäde iň inçe we owadan halylaryň türkmenlere degişlidigini belläp geçýär.
Keremli topragymyzda bu sungatynyň kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň jemlenendir. Ýaz gyrkymy, inçeligi hem ýüpek ýaly ýumşaklygy bilen tapawutlanýan saryja goýunlaryň ýüňi el halylary dokamakda iň zerur bolan çig maldyr. Hut şonuň üçinem gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzdan miras galan bu sungaty ýylsaýyn kämilleşdirilip, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişiklere eýe bolunýar.
Şonuň ýaly-da meýdany 301 inedördül metre deň, her inedördül metrinde bolsa 304 çitim ýerleşdirilen, halynyň agramy 1 tonna 200 kilograma barabar bolan «Altyn asyr» halysynyň dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak buýsançlydyr. Altaý sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan biziň eýýamymyzdan ozalky V asyra degişli Pazyryk halysynyň merkezindäki 24 gölüň oguz türkmenleriniň 24 taýpasyny aňladýandygyny tassyklaýandygyny hem ýatlamak gerek. Maglumatlardan görnüşi ýaly, türkmen halysy merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Marziýa REJEPOWA,
Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiň mugallymy.



