
Türkmenistan abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar.
Ýakynda, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Hurini kabul edende hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşykda myhman geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüniň türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza degişli güwänamalary gowşurdy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka hökmünde hemmämizi buýsandyrdy.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk öz gözbaşyny 1993-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýyl ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan onuň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konwensiýasyna, 2011-nji ýylda Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri bu ugurda işjeň tagalla edýär. 1995-nji ýylda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Bu guramanyň ştab-kwartirasy hem şol şäherde ýerleşýär. Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen alyp barýan işlerini utgaşdyrýan edaradyr.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konwensiýasy 1972-nji ýylda, Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasy bolsa 2003-nji ýylda kabul edildi. Maddy däl medeni mirasa milli sazlar, dessurlar, tanslar, senetler, umuman, taryh bilen tebigaty baglanyşdyrýan serişdeler, medeni aýratynlyklar we nesilme-nesil dowam edýän döredijilik däpleri degişlidir. Bu Konwensiýalar guramanyň esasy halkara hukuk namalarydyr, olar ynsanperwer ulgamda iň giňden ykrar edilen we meşhur köptaraplaýyn ylalaşyklar boldy. Türkmenistan bu iki Konwensiýa goşulmak bilen, taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly mümkinçilik aldy.
Häzirki wagta çenli ýurdumyz ÝUNESKO-nyň 10-dan gowrak Konwensiýasyna goşuldy. Diňe 2021-nji ýylyň özünde Türkmenistan bu halkara guramanyň iki Konwensiýasyna, ýagny Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda hem-de Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýalaryna goşuldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem gatnaşyklary täze derejä çykarmagy göz öňünde tutýar.
Orazmyrat HEMRAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



