Sagdyn durmuş

Baş aladamyz — ynsan saglygy

25-05-2023 / 18

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak babatynda  sazlaşykly işleri alyp barýar. Ýurdumyz bu ugurda baý tejribe toplap, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde uly işleri amala aşyrýar. Şeýle-de, arakhorluga, çilimkeşlige, neşe serişdelerine garşy göreş çäreleri öz netijesini berdi.

Edil şu günler „Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşiň“ biraýlygynyň çäklerinde keseliniň öňüni almak boýunça ähli ýerlerde degişli çäreler geçirilip,  wagyz-nesihat  duşuşyklary yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty  Ministrliginiň „Öýkeniň täze howply döremelerine garşy göreşiň bir aýlygyny geçirmek hakynda“ meýilnama laýyklykda her ýylyň maý aýynda  Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda hem  onkolog, rentgenolog, pulmanolog, maşgala lukmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly konferensiýalar  geçirilýär. Konferensiýalar wideo şekiller görkezmek arkaly bolup, onuň maksady  keseliň wagtynda öňüni almakdan ybarat. Şeýle çäreler, wagyz-nesihat düşündirişler özleriniň oňyn netijelerini berýär.

Geçirilýän çärelerde  zyýanly endiklerden daşda durup, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň sagdyn jemgyýeti gurmakda  örän peýdalydygy  dogrusynda lukmanlar yzygiderli çykyş edýärler.   Olar her gün kadaly iýmitlenip, doly ukyny almagymyz zerurlygy, gündelik iýmitimizde  ter gök otlary iýmegi endige öwrülmegi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyna  ähmiýetiniň uludygy dogrusynda aýratyn beleýärler. Şeýle çäreleriň geçirilip durulmagy, Watanymyzyň ýagty ertiti bolan kuwatly neslimiziň hem zyýanly ebndiklerden daşda durup, sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerine hem peýdasy uludyr.   Mahlasy, sagdyn ýaşamak –  saglykly ömrüň gözbaşydyr.

Aziz PAHRYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu