Žurnalistiň sahypasy

Aşgabat— Astana: doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar

25-05-2023 / 18

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen we sebitde uzak möhletleýin durnuklylygy we parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara derejeli gepleşikler Aşgabat şäheriniň syýasy ähmiýetini artdyrdy. Edil biziň Aşgabadymyz ýaly, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäheri hem halkara gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär. Bu şäherde 2022-nji ýylda sebit, dünýä howpsuzlygynyň meselelerine bagyşlanan syýasy sammitleriň birbada üçüsi geçirildi.

Ýadyňyzda bolsa, 2017-nji ýylda Aşgabat şäheri bilen Astana şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Aşgabat şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Astana şäheriniň akimatynyň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga gol çekilmegi bilen, doganlyk gatnaşyklar has-da berkedi. Bu Ylalaşyga Gahryman Arkadagymyyzň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda gol çekildi.

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine ygrarly bolan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda dostlukly Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Taryhy, medeni umumylyklara eýe bolan türkmen we gazak halklaryny müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklar birleşdirýär. Olaryň umumy taryhynda, medeniýetinde, ösüşinde ýakynlyklar, meňzeşlikler köp. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar türkmen hem-de gazak halklarynyň gadymdan gelýän doganlyk we birek-birege hormat goýmak däplerine, ruhy hem-de taryhy gymmatlyklaryň umumylygyna, döwletlerimiziň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyna esaslanýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Gazagystanyň abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki ýygjam gatnaşyklary, ählumumy we sebitleýin ösüşiň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek üçin oňyn binýat bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da örän meňzeşdir.

Iki döwletiň taryhda meşhur bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman keşbini dikeltmekdäki alyp barýan söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk çäklerdäki giň möçberli işleri Merkezi Aziýa sebitiniň yklymda hem-de dünýäde strategik ähmiýetiniň artmagyna kuwwatly itergi berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň örän uly ýangyç-energetika gorlary tutuş dünýäde gyzyklanmany artdyrýar. 

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda utgaşykly hyzmatdaşlygyň netijesi hökmünde hut ýurdumyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Aşgabat şäherini halkara gatnaşyklaryň merkezine öwürdi. Türkmenistan we Gazagystan biziň sebitimizdäki ähli meseleleriň birek-biregiň bähbidini nazara almak bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylykly serişdeler arkaly çözülmelidigine berk ynanýar.

Öňüni alyş diplomatiýasynyň iş ýüzünde ulanylmagynyň we durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Aşgabatda kabul edilýän sebit ähmiýetli çözgütler möhümdir. Hususan-da, halkara derejeli maslahatlarda, duşuşyklarda, okuwlarda derwaýys halkara meseleleriara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabadyň ýygy-ýygydan açyk meýdança bolup durýandygy hakykatdyr.

Geçen ýylda Astanada geçirilen üç halkara sammit Türkmenistanyň hem, Gazagystanyň hem bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Ýewraziýada özara ynanyşmagy, dialogy, hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da örän ýakyndygyny tassyklady.

Umuman, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de döredijilik mazmunyny aýdyň häsiýetlendirýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň halkara jemgyýetçiligiň ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, durnuklylygy hem-de rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyrys.

Mekan ROZYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu