Žurnalistiň sahypasy

Paýtagtymyz — ak bagtymyz

25-nji maý - Aşgabat şäheriniň güni

24-05-2023 / 7

Paýtagt ýurduň ýüregi hasaplanylýar. Şonuň üçin hem oňa bakyp, Diýaryň tutuş sebitlerine seýran eden ýaly bolýarsyň. Çünki ýurduň islendik künjegine barýan ýollar hem merkezden gözbaş alýar. Watanyň ähli künjeginde ýaşaýan raýatlaryň bagtyýar ykbaly, röwşen geljegi hakyndaky aladalar paýtagtdan başlaýar we şol ýerde çözülýär. Diýmek, ýurduň baş şäheri bolan paýtagt diňe bir şäherlileriň däl-de, tutuş milletiň hem bagtdan paýlylygydyr.

Bu hakykat hem sazlaşyk biziň ýurdumyzda has-da ýiti duýulýar. Halkyň  kalbynyň aklygy meňzinde, roýy-ruhsarynda, durkunda-dünýäsinde görünýän ak Aşgabadymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň nurana şuglasy bolup Zemine dolýar.

«Bagtyň keşbini görmek höwesinde bolsaňyz, Aşgabady synlaň!» diýen sözleriň üçünji müňýyllygyň täze aýtgysyna öwrülmegi hem ýöne ýerden däldir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň sungat eserine öwren ak şäheri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda güller bolup açylýan günleri başdan geçirýär.

Arkadagly Serdarymyz bedew batly ösýän Türkmenistanyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegine ýokary ähmiýet berip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzümini kämilleşdirmegi amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlaryň biri hökmünde dowam edýär. Şeýle hem raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary we göwnejaý dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegini dowam etmegi öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz: «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýmek bilen, ajaýyp şäherimizi ösdürmegiň täze geljegine ýokary ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäherini hemişe üns merkezinde saklamagy, şäheriň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyndan, onuň gujagyna şowlulyklaryň hem rowaçlyklaryň goşa-goşadan geljekdiginden habar berýär. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň pursatsaýyn bu şähere bolan guwanjynyň, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere bolan buýsanjynyň, köňül alkyşlarynyň artmagynyň özi bolsa munuň aýdyň güwäsidir.

Watanymyzyň abraý-mertebesini arşa göterýän Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza — hormatly Belent Serkerdebaşymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Gurbanmyrat AKMYRADOW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu