Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-hytaý gatnaşyklary köptaraplaýyn ösdürilýär

23-05-2023 / 7

Türkmen we hytaý halklarynyň dostlukly gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, şu günki güne çenli hem şol gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegini dowam edip gelýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda döwletara we hökümetara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Gol çekilen resminamalar esasynda diplomatik, söwda-ykdysady,  medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda ýangyç energetika pudagy aýratyn orny eýeleýär. Dostluklu ýurtlaryň ikisi-de ýangyç-energetika toplumynda birek-biregi möhüm hyzmatdaş hasaplaýar. Türkmenistanda hytaýa eksport edilýän önümleriň esasylary tebigy gaz, nebit önümleri, pagta süýümi, matalar, nah ýüplük, taýýar dokma önümleri, buýan köküniň toşaby, deri çig mallary we deri, ýüň, kükürt, sement we beýlekilerdir. Türkmen tarapy köpýyllaryň dowamynda esasy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň binýadyny tutýan Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy, Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy esasynda ýangyç-energetika we ulag aragatnaşyk ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar.

Şu ýylyň 18-19-njy maýy aralygynda  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň  Sian şäherinde  «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşdy. Ýeri gelende bellesek, sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk, Getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi türkmen-hytaý gatnaşyklaryny köptaraplaýyn ösdürmeklikde hil taýdan täze derejä çykarýar. Goý, dostlukly ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk öňküsinden hem pugtalansyn!

Yhlasbek HALNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu