Sagdyn durmuş

Gipertoniýa garşy göreşeliň!

22-05-2023 / 16

Her ýylyň maý aýynda Bütindünýä  gipertoniýa keseline garşy güni bellenilýär. Bu kesel  Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň  meýilnamasynda hem orun alyp, oňa garşy göreşiň zerurdygyny ýatladýar.

Gipertoniýa, aglaba ýagdaýda,  duýdansyz ýüze çykýar. Ýagny alamatsyz gelýän, möwjeýän görnüşli kesel bolup, wagtyň geçmegi bilen, ýürek myşsalarynda, beýnide yza gaýtaryp bolmajak ýagdaýlary döredip bilýär. Ol dowamly  geçýän kesel bolup, ýürek-damar agyrlaşmalaryň ýokary töwekgelçilikleri bilen häsiýetlendirilýär.  

Keseliň döremegine dartgynly ýagdaýlar, çilim çekmek, zyýanly endikler, endokrin mäzleriniň işiniň bozulmalary, böwreküsti  mäzleriniň keselleri we nesilden-nesile geçişi, şeýle-de  artykmaç agram sebäp bolýar.

Keseliň öň ýanynda käbir alamatlaryň peýda bolýan halatlary hem bolýar. Mysal üçin, kellede agyrlygyň duýulmagy, şaňňyldynyň eşidilmegi, bir ýa iki gözüň görşüniň peselmegi ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy insultyň ýakynlaşýandygyny habar berip biler. Sary gaýnamanyň, synçgylawugyň, gägirmäniň utgaşyp gelmegi, ysgynsyzlyk, ýadawlyk, baş aýlanma, der basma, döşde ýakymsyz duýgularyň ýa-da gysýan, sançýan, gyzýan hat-da çydap bolmaýan agyry dörände, infarktdan ätiýaçly bolmagy duýdurýar. Bu hili alamatlar ýüze çykanda, derrew wagt ýitirmän, «Tiz kömegi» çagyrmaly. Näsagy ýatyrmaly we ony gozgamakdan saklanmaly. Iliklerini, kemerini ýazdyrmaly. Penjireleri açyp, otaga arassa howanyň gelmegini üpjün etmeli.

Näsag bejergilerini doly alandan soňra,  ýagly iýmitlerden gaça durup, agramyň azaldylmagy ýa-da adaty agrama getirilmegi, nahar duzuna talabyň çäklendirilmegi we gündelik iýmite kaliý, magniý, mikroelementlere, ýokumlara, gök önümleri, miweleriň maksada laýyk girizilmegi zerurdyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, ähli kesellerde bolşy ýaly,  gipertoniýa keseliniň hem öňüni almakda örän ähmiýetlidir. Dogry iýmitlenmegi, ýeterlik hereket etmegi, zyýanly endiklerden gaça durmady, degna dartgynlygyndan goranmagy unutmaly däl. Çünki gipertoniýadan we onuň bilen bagly ýüze çykýan kesellerden goranmak, elýetmez baýlygymyzy gazanmakdyr.

Amangeldi ÝAGMUROW,
Lebap welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň baş lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu