
Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.
Milletler Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilen gününden bäri Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamasynyň ýörelgelerine, konwensiýalarynyň kadalaryna ygrarly bolmagynda galýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, deňagramly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bolan halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. BMG-niň goldamagynda ählumumy abadançylygyň bähbidine daşky gurşawyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda guramaçylyk, syýasy-ykdysady, halkara hukuk şertleriniň döredilmeginde aýratyn işjeňlik görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly resminamany kabul edende, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ozal kabul edilen şeýle resminamalara salgylanandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtamaly. Bu möhüm resminamalar ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär.
Maksat ÝAZYÝEW,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.



