Žurnalistiň sahypasy

Bilim—altyndan gymmat

20-05-2023 / 12

Türkmen halky аsyrlaryň dowamynda ylma, bilime, terbiýä aýratyn üns berip gelen halkdyr. Türkmen jemgyýetinde ýaş nesle bilimdir terbiýe bermegiň köp asyrlyk taryhy ulgamy dowam edip gelipdir.

Döwlet Baştutanymyz ylma ýurdumyzy innowasiýa taýdan mundan beýläkde ösdürmegiň ygtybarly binýady hökmünde garaýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň gazananlary ýurdumyzyň ykdysadyýetinde netijeli peýdalanylýar. Bilim ulgamyndaky özgertmeleri netijeli amala aşyrmak häzirki döwrüň bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz hem iň gymmatly baýlygyň bilimdigini nygtaýar. Şundan ugur alyp, ýaşlaryň bilim almagy üçin zerur  şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron maglumatlar gory döredildi. Bu konsepsiýanyň  durmuşa ornaşdyrylmagynda kompýuter sowatlylygyny döwrebap kämilleşdirmegiň wajypdygy bellidir. Şunuň bilen baglylykda bilim ulgamy boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda biziň mekdebimiz geçirilýän ýörite maksatnamalaýyn işleriň çäginde  okuw kitaplary  we okuw gollanmalary, multimediýa tagtalary, kompýuterler, okuw işinde zerur bolan maglumat tehnologiýalary we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün edilendir.  Bilim ojaklarynyň innowasion tehnologiýalar bilen işlemek ukyplarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi sanly bilimi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Mugallymlar sanly bilimiň tor programma üpjünçiliginden we onuň binýadyndaky portlaryndan peýdalanýarlar. Şeýle bilim portlarynda elektron poçta, elektron resminamalar, toplumy uzak aralykdan bilim bermäge niýetlenilen ýörite gurluş, dürli derslere degişli bolan we elektron göterijilerde ýerleşdirilen okuw maglumatlary, şonuň ýaly-da öwrediji we barlaýjy testler bäsleşikleriň sowallary, maslahatlary geçirmegiň usuly meýilnamalary, okuw kitaplary, gollanmalary, referatlary okuw işleriniň hilini ýokarlandyrmaga degişli serişdeler bar. Mugallymalar bu serişdelerden peýdalanyp, ähmiýetli meseleleri çözýärler. Sanly ulgamda täze tehnologiýalardan peýdalanmagyň dünýä tejribesini öwrenip, bilim ulgamynyň talaplaryny göz öňünde tutup, öz okuw işimizde ornaşdyrýarys.  Kompýuter otaglary alyplaryň sapakda we sapakdan boş wagtlary öz bilimlerini kämilleşdirmekde uly ýardam berýär. Talyplar  innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, amaly sapaklara taýýarlananda, özüniň bilimini artdyrýarlar, internet ulgamyna girip, tema degişli goşmaça maglumatlary saýlap bilip, sapagyň  gyzykly geçmegine goşant goşýarlar. Kompýuteriň kömegi arkaly mugallym öwrenijileriň ählisiniň geçilen tema boýunça alan düşünjelerini, ýörite düzülen test programmasy  arkaly bary-ýogy sanlyja minudyň  dowamynda barlaýar.

Umumy sapaklarda  kompýuterler we olara birikdirilýän gurluşlar, interaktiw tagta, multimedia tehnologiýalary, diňe bir tehniki serişde hökmünde ulanylman, eýsem, olaryň üsti bilen sapagyň aýry-aýry bölümleri ýa-da tutuş sapak dolandyrylýar. Şeýle sapaklarda kompýuter we maglumat tehnologiýalary okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny, dersi öwrenmeklige bolan höwesini suratlaryň, şekilleriň, çyzgylaryň, tablisalaryň kömegi bilen artdyrýar, öwrenilýän düşünjeleriň çalt özleşdirilmegine oňaýly täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň biliminiň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilmegi we barha kämilleşdirilmegi üçin döredilýän mümkinçilikler günsaýyn artýar. Bilim maksatly täze binalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi, abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli geçirilýändigi olaryň abzallaşdyrylyş derejesiniň juda ýokary bolmagy bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine şaýatlyk edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzy beýik geljege tarap batly gadamlar bilen alyp gitjek nesli kemala getirmek bilen baglanyşykly ajaýyp işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ili abat, belent başy aman bolsun!

Şahnoza JUMAÝEWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu