Žurnalistiň sahypasy

Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär

20-05-2023 / 8

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen maksada okgunly özgerişlikleriň we  ýokary tizlikli ösüşleriň ýoluna düşen Berkarar döwletimizde  milli kanunçylygymyz  döwrümiziň talabyna görä, Baş Kanunymyz hem, onuň esasynda kabul edilýän kanunlar hem barha kämilleşdirilýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugry bolup  durýar.

Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar hem-de abadan günlerinde  Ata Watanymyz bu günki gün täze we belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň  dürli pudaklarynda we ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda öşüş derejesine baglydyr.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerini deňeçer ösdürmek, halkyň hal ýagdaýyny mundan beýläkde has-da gowulaşdyrmak Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tagallalarynyň bir ugrudyr. Munuň üçin dürli ýyllarda kabul edilen Maksatnamalar hemde  kabul edilen Kanunlar özüniň oňyn netijesini hem berdi. Alnyp barylýan işleriň netijesinde bu gün Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär, gülleýär, ösüşleriň belent basgançaklaryndan ýokary galýar.

Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça işiň, ilkinji nobatda, döwletimiziň durmuş syýasatyna, kanunçylyk üpjünçiligine, lukmançylyk hyzmaty ulgamyny kämilleşdirmäge, ekologiýa baradaky aladany ähli zatdan ileri tutýar.  Halkyň saglygyny berkitmegiň döwrebap strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreler sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilendir. 

Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, biziň döwletimizde adam esasy baýlykdyr. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan işler hem adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilendir.

Ajaýyp döwrüň eşretini görüp, döwrebap jaýlarda ýaşaýan, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk, medeniýet öýleriniň, seýilgähleriň hyzmatyndan peýdalanýan bagtyýar watandaşlarymyz ýüreginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş aýdym bolup ýaňlanýar.

Şeýle parahat  we bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyz üçin  biz hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys. Milli Liderimize berk jan saglygyny, belent tutumlarynyň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.  Goý, Arkadag Prezidentimiziň il-günüň abadançylygy, Watanyň barha gülläp-ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem dowamat-dowam bolsun!

Janmurat JANGELDIÝEW,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu