
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýändigini bellemek gerek. Gadymy döwürlerde ýurtlarymyzy we halklarymyzy baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir.
Täze taryhy eýýamda Türkmenistan we Hytaý dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Pekin we Aşgabat uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklaryň amatly görnüşini işläp taýýarlady. Geçen döwürde hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi, onuň netijeli gurallary ýola goýuldy. Ýokary derejede, hökümet we parlament derejelerinde, işewür toparlaryň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşdy. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnamanyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemeli. Iki ýurduň we halklaryň umumy bähbidine laýyk gelýän bu taryhy çözgüt ähli ugurlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirdi. Şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň düýp manysyny we möhüm ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamanyň kabul edilenine 10 ýyl dolýar.
Häzirki günde Türkmenistan we Hytaý özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesini gazandylar. Taraplaryň hoşniýetli erki esasynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň özara ýakynlaşmagy onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-e amala aşyran döwlet sapary strategik gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi. Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Bilşimiz ýaly, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik hökmünde garalýar. Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ugurdaky özara hereketlerde anyk netijeler gazanyldy. Diňe 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 70 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň mart aýyndaky ýagdaýa görä, Hytaýyň bu sebitiň ýurtlaryna goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard amerikan dollaryndan geçdi.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň täze gözýetimleri kesgitlener. Häzirki wagtda sebitiň dört döwleti — Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy, Gazagystan bolsa hemişelik hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň iň ýokary derejelerde ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Bu biziň döwletlerimiziň hem halklarymyzyň bähbitleri üçin oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär.
Gülnar AKYLLYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



