Žurnalistiň sahypasy

Bagtyýar durmuşymyzyň kepili

19-05-2023 / 10

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän hem-de halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny bu günki gün dünýä ykrar edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini bolsa Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyz we ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi hem aýan edýär. Şeýlelikde, Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyz, özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary bolup durýar.

Baş Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy eziz Diýarymyzda gazanylýan belent ösüşleriň hukuk binýadyny kemala getirmek bilen, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, abadan durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň hukuk esasyny düzýär. Esasy Kanunda ýurdumyzyň her bir raýatynyň konstitusion hukuklary kesgitlenendir we bu kepillikler her bir türkmenistanlyda bagtyýar geljege bolan ynamy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi konstitusion kadalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär we türkmen halkyny ösüşiň täze sepgitlerine tarap ruhlandyrýar.

Döwletimiziň her bir raýatynyň halal zähmet çekmegine, ukyp-başarnygyny ulanyp, döredijilikli işlemegine, bilim almagyna, bagtyýar zamanada hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyz üçin döredilen eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, saýlamaga hem-de saýlanmaga bolan hukuklar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen maddalar arkaly berkidilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň bilim almaga, saglygy goraýyşdyr şypahana hyzmatlaryndan peýdalanmaga, zähmet çekmäge, hünärini, işiniň görnüşini we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz iş şertlerine, durmuş üpjünçiligine bolan hukuga eýediginiň mysalynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäniň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görmek bolýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy beýleki döwlet nyşanlary bilen bilelikde döwletimiz tarapyndan hem, halkymyz tarapyndan hem belent sarpa eýe bolýar. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde beýikligi 133 metre deň bolan baýdak sütüniniň oturdylmagy we onuň iň beýik baýdak sütüni hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň beýleki sebit merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Döwlet baýdagyny belentde parladýan sütünli meýdançalaryň açylmagy halkymyzyň ýaşyl Baýdagymyza bolan belent sarpasynyň nyşanydyr. Bu gün Döwlet Baýdagymyz BMG-niň edara binasynyň, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, wekilhanalarymyzyň öňünde belentde parlamak bilen, milli buýsanjymyzy pugtalandyrýar, göwünlerimizi galkyndyrýar.

Ýene bir ýatlamaly ajaýyp taryhy wakalaryň biri-de 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu bina biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Bu ajaýyp binanyň umumy beýikligi 185 metre, desganyň merkezi bölegindäki dört gyraňly sütüniň boýy 91 metre ýetýär. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekilleri bilen bezelendir we binanyň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarymaý bolan sütün bardyr. Bina üç basgançakly 27 metrlik binýady bolan Oguz hanyň ýyldyzynyň şekilinde bolup, 10 metr beýiklikdäki binýady bar. Onuň çar tarapyny suw çüwdürimler toplumy we basgançaklar gurşaýar. Bu günki gün Konstitusiýa binasy diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, türkmenistanlylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratiýa, ynsanperwerlik, beýleki halklara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk ýaly gymmatlyklar milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işine gatyşmazlyk, sebitiň ýurtlary hem-de dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, iri halkara guramalary we abraýly sebitleýin düzümler bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolmak bilen, ýurdumyzyň oňyn syýasatynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezýär.

Halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda gije-gündiz ýadawsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu