Žurnalistiň sahypasy

Salam, tomus!

18-05-2023 / 30

Tomus pasly golaýlap gelýär. Okuw möwsüminiň tamamlanyp, körpeleriňdir mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşa çykýan döwrüne az wagt galdy.

Täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň badalgasyna çenli aralykdaky tomusky dynç alyş möwsüminde olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alarlar, şadyýan döwran sürerler. Bagtyýar körpeleriň wagtyny has-da gyzykly, täsirli geçirmegi üçin ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri talabalaýyk işleri alyp barýarlar. Tomusky dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak derejede şadyýan we gyzykly geçirýän Gökdere jülgesi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bagtyýar çagalygyň iň ajaýyp mesgenleri hökmünde tanalýar. Tomus paslynyň başlanmagy bilen, welaýatlarymyzdaky we paýtagtymyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri körpeleri gujak açyp garşylar.

Çagalaryň wagtyny şadyýan we mazmunly geçirmegi, olary sport, döredijilik we intellektual dynç alşyň täsin dünýäsine çagyrmak üçin çagalar baglarynda uly aladalar edilýär. Degişli hünärmenler çagalaryň dynç alşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan Meýilnamany bilelikde işläp düzdüler. Çagalar baglarynda körpeler sagdyn iýmitlenip, dürli gurnaklara gatnaşýarlar. Olar üçin konsertler, baýramçylyklar, duşuşyklar, ussatlyk sapaklary, gezelençler we syýahatlar guralýar. Bu çäreler tomusky dynç alyş möwsüminde has-da ýaýbaňlandyrylar.

Dynç alyş maksatnamasy çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen işlenip düzüldi, bu bolsa, her bir çaga özüni açyp görkezmäge, täze bilimleri we endikleri ele almaga, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga we şol birwagtda toparda işläp, beýleki çagalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döretdi. 

Surat çekmek, şekil ýasamak, tanslar, gurnama ýaly güýmenjeler bilen bir hatarda çagalar ýaş ýangyn söndürijileriň keşbinde oýun oýnamak bilen adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak hakynda zerur bolan bilimleri aldylar. Däbe öwrülen senetler – halyçylyk, tikinçilik, zergärçilik boýunça sapaklar, döredijiligi, aýdymdyr tanslary öwrenmek çagalaryň milli medeniýet bilen tanyşmagyna ýardam etdi.

Gülara JABBIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu