
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak boýunça ummasyz işler, zyýanly endiklere garşy göreşler giň gerimde alnyp barylýar Neşekeşlik we çilimkeşlik adam bedenine özüniň heläkleýji täsirini ýetirýär. Çilim aşgazanyň, gyzylödegiň we öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Öýken howply täze döremesi bronhlaryň nemli gatlagynyň epiteliýasynyň, öýken alweolalarynyň we bronhiolalarynyň mäzlerinden bölünip çykýar. Ol dünýäniň 20-den gowrak döwletinde, esasan, erkek kişileriň ömür tanapynyň wagtyndan ir üzülmegine sebäp bolýan ýagdaýlaryň biridir. Has takygy, keseliň bu görnüşi zenanlara seredeniňde, erkeklerde 8 esse köp gabat gelýär. Öýkende howply täze döremäniň kemala gelmeginde daş-töweregiň howasynyň orny hem uludyr. Öýkeniň rubesli sowuklamasy we onuň wagtynda bejergisiz galmagy hem bu keseliň sebäbi bolup biler.
Munuň üçin her ýylyň maý aýynda bütin dünýäde çilimkeşlige garşy göreş çäreleri köpçülikleýin geçirilýär. Bu ugurda welaýatymyzda hem birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, welaýat narkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, köpçülikleýin jemgyýetçilik ýerlerinde wagyz–nesihat çäreleri geçirilýär. Esasan hem ýaş nesle zyýanly endiklerden daşda durmagyny, olaryň dürli kesellere sebäp bolup bilýändigini wagyz etmek giňden ýola goýulýar.
Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biridir. Şonuň üçin bu babatda düşündiriş, wagyz-ündew, barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda“ Kanuny kabul edildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, onda adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy göz öňünde tutulan. Ýörite kanunlar esasynda çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreş yglan etmek we olary düýbi bilen ýok etmek, neşe serişdelerini aradan aýyrmak maksady bilen ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde olardan arassalan döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy.
Halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän, ýaş nesliň berk bedenli sagdyn bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Rena ÇARYÝEWA,
Lebap welaýat narkologiýa hassahanasynyň ýöriteleşdirilen bölüminiň müdiri.