
Heňňamlar heň berip eýýamlar aýlanyp gidip otyr. Dünýe, döwür özgerdi, ýöne adamzat döräli bäri dil we sözleýiş ýaşaýşyny batly depginler bilen dowam edip, täzelige we ösüşe ymtylýar. Köki-damary asyl aňyrdan gaýdan biziň milli ene dilimiz bolsa häzirki wagtda özüniň taryhy döwründäki ösüşleri bilen dünýä çykýar. Türkmen dilini öwrenmekde has-da dabaralandyrmakda alnyp barylýan asylly işleriň bolsa sany juda kän.
Dil bilimini mundan buýana-da ösdürmegiň we giňeltmegiň çäklerinde ene dilimiziň ýazuw, sözleýiş aýratynlyklary has-da içgin öwrenilip, bu ugurda guwandyryjy hem buýsandyryjy menzillere ýetilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Hawa, diňe bir öz türkmen milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýar. Bu ugurda üçdilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda, esasan, iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir.
Türkmen ýaşlarynyň daşary döwletlerde okap bilim almaklarynda we daşary ýurtlara amala aşyrylýan döwlet saparlarynda hut şu mesele bilen baglanşykly oňyn netije bar. Ýagny türkmen ýaşlary dünýäniň dürli ýurtlarynda bilim alyp, şol ýurduň medeniýeti, ýaşaýyş-durmuş derejesi, şeýle-de dil aýratynlygy bilen tanyşýar we öwrenýär. Munuň özi türkmen nesliniň giň gözýetimli hem-de dil biliminiň kämil bolmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar.
Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar. türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär.
Gözel ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.



