
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasaty esasynda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şolardan, esasan hem energetika, suw hem-de ulag diplomatiýalary häzirki wagtda ýurdumyzda köpugurly öwrenilýän we ösdürilýän ugurlaryň biri hasaplanylýar.
Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylda Günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw forumynda diplomatiýa işinde täze ugruň — Suw diplomatiýasynyň döredilmegi hakyndaky meseläni öňe çykardy. Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, bu ugurda dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýulýar.
Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň dünýä forumlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly ählumumy maslahatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meseleleri boýunça duşuşykda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.
Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bolup, türkmen tarapy bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda zerur düzümi bermäge taýýardygyny beýan etdi. Şol taslamalaryň hatarynda, şeýle hem Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň köptaraply anyk gurallaryny döretmek barada taslama bar. Hazaryň täsin biologik toplumy bolsa bütin adamzadyň gymmatlygydyr.
2021-nji ýylda türkmen wekiliýetiniň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek. Forumda öňe sürlen teklipler aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak baradaky taýsyz tagallalary «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýlen ynsanperwer ýörelgäniň amal bolmasyny aňladýar. Kämil jemgyýet, abadan durmuş bolsa, köp babatda, ekologiýa howpsuzlygyna baglydyr.
Töfe HOŞANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň öwreniji mugallymy.



