Žurnalistiň sahypasy

Mukaddesliklere sarpanyň çuňňur beýany

15-05-2023 / 7

Demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz hem-de dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir.

Ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni täze eýýamyň ruhunda şatlyk-şagalaňa beslenip toýlanar. Çünki bir-biriniň üstüni ýetirip, sazlaşykly utgaşýan bu goşa gymmatlyklarda ata-babalarymyzyň döwletlilik hakyndaky köpasyrlyk arzuwynyň berkararlygy, halkymyzyň mizemez bitewiligi öz beýanyny tapýar. Şanly sene mynasybetli uludan tutuljak toý dabaralarynyň many-mazmunynda merdana pederlerimiziň ruhy dünýäsiniň we parasatly wesýetleriniň, kämillige ýetiren milli mirasynyň, medeniýetiniň waspy şöhlelenýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

Konstitusiýamyza laýyklykda, ösen dünýä tejribesi we milli ýol-ýörelgämiz esasynda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunlar adamlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, her bir raýatyň eziz Watanymyzyň rowaçlygy we mähriban halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda döredijilikli zähmet çekmegine, abadan ýaşaýşa gönükdirilen aýdyň wezipeleriň  durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna şertleri döredýär.

Muhammetguly MERETGULYÝEW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Şabat etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu