
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň – iki mukaddesligiň baýramynyň bir günde bellenip geçilýändigi üçin taryhy ähmiýetlidir. Sebäbi Konstitusiýamyz halkymyzyň azatlygyny, özygtyýarlylygyny, erkinligini, zähmet hem durmuş goraglylygyny kepillendirse, mukaddes ýaşyl Tugumyz döwlet berkararlygynyň güwäsi bolup, belent sepgitlere, nurana menzillere atarýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Konstitusiýamyza laýyklykda, ösen dünýä tejribesi we milli ýol-ýörelgämiz esasynda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunlar adamlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, her bir raýatyň eziz Watanymyzyň rowaçlygy we mähriban halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda döredijilikli zähmet çekmegine, abadan ýaşaýşa gönükdirilen aýdyň wezipeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna şertleri döredýär.
Merdana türkmen halkymyzyň adyny, şan-şöhratyny ýedi yklyma ýaýan mukaddes ýaşyl Tugumyzy döwlet Garaşsyzlygymyzdan aýry göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak, bir Tuguň astynda bir başa gulluk etmek arzuwynda ýaşan ata-babalarymyz döwlet garaşsyzlygyny gazanmak arkaly erkinlige, özygtyýarlylyga, mukaddes Tuguna, Tugrasyna eýe boldy. Döwlet berkararlygymyzyň çäksiz güwäsi bolan buýsançly Watan Baýdagy edil mährem ata-ene, keramatly öý-ojak, mukaddes toprak ýaly, milletiň mertebesine deňelýän mukaddeslik.
Bagtyýar il-günümizi ýeňişlerden-ýeňişlere atarýan mukaddes ýaşyl Tugumyz döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri hem daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde höküm sürýän agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň hem-de bagtyýarlygyň nyşany hökmünde belentden-belent pasyrdap dursun!
Gülnur PYGAMOWA,
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.



