Žurnalistiň sahypasy

Daýhan baýasa – ýurt baýar

12-05-2023 / 6

Hormatly Prezidentimiziň agrosenagat pudagyny ösdürmekde öňe sürýän anyk başlangyçlary ylmyň gazananlaryny gadymy daýhançylyk däplerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrmakda wajyp ähmiýetlidir. Pudakda alnyp barylýan döwletli tutumlar ene toprakda bereketli hasyl ösdürip ýetişdirýän ýer eýelerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Oba hojalygynda ýetilýän belent sepgitlere mynasyp goşant goşmakda babadaýhanlarymyzyň ýylyň-ýylyna gazanýan üstünlikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkymyz topragy mukaddeslige deňeýär. Çünki bereketli topragymyz ýylda iki-üç gezek hasyl berýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekanynyň hut türkmen topragy bolmagy-da halkymyzy örän buýsandyrýar. Bu gün halal zähmetiň miwesine iň uly baýlyk hökmünde garaýan türkmen daýhany ýerden bol hasyl almagyň lezzetine guwanýar.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, bugdaý, pagta, gant şugundyry, şaly, ýeralma bilen birlikde, miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek esasy wezipeleriň hataryna degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin iri şäherleriň golaýynda ýyladyşhanalary köpeltmek, olarda gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Gysym topragyna togap edýän ene ýerimizde bitýän ekinleriň bolçulygy her bir maşgalanyň saçagynyň berekedini artdyrýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, dökün, suw we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Gerekli tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine ýeňillikli karzlaryň berilmegi, hasyl ussatlary bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi daýhanlary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinden peýdalanmak üçin ýer gaznasynyň döredilmegi we şol gaznadan daýhan hojalyklaryna, kärendeçileriň birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine ýer bölekleriniň uzak möhletleýin, ýagny 99 ýyla çenli peýdalanmaga berilmegi ekerançylygy ösdürmäge, ýer-suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmaga gönükdirilen ajaýyp çözgütdir. Önüm öndürijilere berilýän ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde döwlet tabşyrygyna girýän bugdaý, gowaça ýaly ekinler, galan 30 göteriminde bolsa beýleki oba hojalyk ekinleri ekilip, bol hasyl alynýar.

Banu JIÝANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu