Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-täjik gatnaşyklarynda ykdysady hyzmatdaşlygyň orny

13-05-2023 / 9

Türkmen we täjik halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň taryhy ösüşimizde, medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda hem umumylyklar köpdür.

Aziýa yklymynyň merkezinde, geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy derejede-de ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan başlap, iki halkyň hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary täze taryhy eýýama gadam basdy. 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar.

Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitlilige esaslandy we ol bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrmakda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryna aýratyn ornuň degişlidigini nygtamalydyrys.

Şu ýylyň 10-11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary dostluk, hoşniýetlilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi. 

Iki ýurduň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmak, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary gurmak maksady bilen haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileri, ykdysady forumlar hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Maglumat hökmünde ýatlap geçsek, toparyň 2021-nji ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen 10-njy mejlisiniň netijeleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde hyzmat etdi, geçirilen gepleşikler ýokary netijeleri berdi. Şeýle hem türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikde maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Iki ýurduň hojalyk edaralaryny, söwda düzümlerini özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşiniň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek. Onuň ilkinji mejlisini Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana saparynyň öňüsyrasynda — 8-9-njy aprelde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, 8-nji maýda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň, işewürler geňeşiniň birinji mejlisiniň hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisiniň geçirilmegi-de dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynda täze sahypa öwrüldi.

Iki halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady bähbitlerini mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam döredýär.

Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu