
Türkmen halkynyň gadymy we baý taryhy bar. Geçmişe nazar salsak, türkmen halysynyň, ahalteke bedewiniň, alabaýynyň halkymyzyň hemişe buýsanjy bolandygyna göz ýetirýäris. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleriniň şöhraty bu gün äleme doldy.
Ata-babalarymyz bedewine dosty, syrdaşy, gardaşy hökmünde garapdyrlar. Häzirki döwürde dünýäde atlaryň 250-den gowrak tohumy hasaba alnandyr. Ahalteke bedewi bolsa şolaryň iň gadymylarynyň biridir.
Gerodot (b.e.öň V asyr): «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar» diýip geçen bolsa, Wegesisa (rimli awtor, IV asyr) nusaý atlary barada: «Bu atlar gyzgyn ganly, ýeňil gopýar, ýadamany bilenok. Olar diýseň çydamly, uzyn boýly, aýlawly hem owadan kellesi bar» diýip belleýär.
Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa, göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy aňypdyr.
Bedew üstündäki oýunlar hem has-da kämilleşdirilipdir. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler.
Dädemyrat ÝUSUPOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



