
Maldarçylyk pudagynda düýäniň aýratyn orny bardyr. Düýe gadymdan bäri türkmeniň öz malydyr. Türkmenistanyň çäginde düýäniň 6 müň ýyl ozal hem bolandygyny, onuň iş maly, ulag hökmünde ulanylandygyny Namazgadepeden tapylan düýe süňkleri hem şaýatlyk edýär. Geliň, düýe malynyň käbir häsiýetli aýratynlyklary dogrusynda durup geçeliň.
Düýe örän ýatkeş, duýgur, düşbi, akylly jandar hasaplanýar. Düýe maly endik eden ýolundan gije hem, gündiz hem azaşmaýar. Agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar. Uzak ýollary geçip bilýär. Sowuga, yssa çydamly bolýar.
Düýe uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär. Düýe suw ýok halatynda 10 günläp suwsuz gezip bilýär.
Erkek düýe gazaplansa, howsala düşse agzy köpürjükläp, häsiýeti ýaramazlaşýar, sürini, meýdany taşlap gidýär ýa-da suwdan, otdan boýun towlaýar. Bu halatda düýe öz ýanyna hiç bir adamy golaýlatmaýar.
Düýe gabanjaň we sabyrly maldyr. Düýe bulanyk suw içmekligi halaýar. Ol hemişe derýanyň suwuna gelende suwy aýaklary bilen hereketlendirip, bulandyryp içýär.
Düýe Gün şöhlesini has gowy görýär. Şonuň üçin düýe hemişe Güne tarap ýöreýär. Eger bir iner baş bermezek bolup, diýen etmese ony başga bir ineriň ýanynda duşaklap goýýarlar. Şeýdilse, ol iner ýumşaýar we ýuwaşaýar.
Düýe malynyň aýratynlyklary hakynda söz açsaň, aýdara-diýere zat kän. Türkmen halkynyň aňynda düýe maly bagtyň, rysgal-döwletiň nyşany hökmünde orun alypdyr. «Düýe maly – dünýe maly» diýlen sözüň ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin bolsa gerek.
Aýdyn KURÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Şanazar GURBANNAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



