Žurnalistiň sahypasy

Mähir dünýäsidir eziz eneler

12-05-2023 / 31

Türkmen halkynda ene mukaddesligine aýratyn sarpa goýulýar. Nesil terbiýesinde eneleriň ornuna aýratyn ähmiýet berilýär. Ene — dünýäniň görki, Zeminiň zynaty hasaplanylýar. Şonuň üçin hem mähriban eneler mähir dünýäsi bolup ýaşaýyşa ýaraşyk çaýýar.

Ene eli lukman, dili sena bolup nesilleriň ykbalyny gülledýär. Berkarar döwletimizde bolsa şeýle mukaddeslikleri özünde jemleýän eziz enelerimiziň hormaty barha belende göterilýär. Mähriban käbelerimizi sarpalamakda, olara tagzym etmekde, ýaş nesli bu asylly ýörelgä kybap terbiýelemekde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmedir. Bu gymmaty egsilmez, ýollar şamçyrag bolan ajaýyp kitapda şeýle bellenilýär:

«Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda

dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik

düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr. Perzendiň şu dünýäde mynasyp orny eýelemeginiň esasynda oňa berilýän mähir, yhlas, alada jemlenendir».

Şeýle beýik, asylzada nesilleri ýetişdirmekde, türkmeniň iň gadymy terbiýeçilik däplerini dowam etmekde ähli zenanlara nusgalyk mekdebini görkezen Ogulabat ejäniň ömür ýoly we durmuş mekdebi hem nesiller üçin unudulmajak hem-de gaýtalanmajak göreldedir. Perzent terbiýelemekde we jemgyýete mynasyp goşantlary goşmakda, il-ulsuň söýgüsini gazanmakda hem-de naýbaşy, juda çeper el işlerini döretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly nusgalyk keşbi bilen hakydalarda, ýüreklerde orun alan Ogulabat ejäniň ömür ýoluna bu gün nesiller belent hormat bilen tagzym edýär.

Dünýä nusgalyk işleri bitirýän mähriban käbelerimiziň gadyr-gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Çünki olarda ylahy güýç hem-de soňsuz muhabbet bar.

Ajaýyp zamanamyzda nesillerimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, olaryň milli terbiýeçilik däplerimize laýyklykda terbiýelenmeginde, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, käbelerimizi sarpalamakda kämil nusga görkezýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tutuş halkymyz bilen birlikde, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hem alkyşlary egsilmezdir.

Tagan BAÝRAMOW,
Ylym bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu