
Arkadag şäheri bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Arkadag şäheri ýaşlaryň döredijilik başarnyklarynyň, aň-paýhas mümkinçilikleriniň, dolandyryş ukyplarynyň iş ýüzünde dabaralandyrylmagyna giň şertleri döretdi.
Gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýän Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi, milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz özüniň beýanyny tapýar. Şu günler Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyryny dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermäge uludan taýýarlyk görülýär. Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär.
Golaýda Arkadag şäherinde döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şäheriň hukuk ýagdaýy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzakmöhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda kesgitlendi.
Watanymyzyň bagtyýarlygynyň subutnamasy bolan täze şäherde taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilmegi guwançly wakadyr. Sebäbi bu şahsyýetlerimiziň geçen durmuş ýoly, ýeňişli menzilleri, halkymyzyň öňünde bitiren ägirt uly işleri ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.
Arslan PAŞŞYKOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.



