
Ajaýyp haly gölli, Aý-ýyldyzly, zeýtun baldajykly, ýaşyl reňkli milli Tugumyz buýsançly pasyrdap, türkmen halkynyň baky bagtyny, nurana durmuşyny äleme äşgär edýär.
Bu gün Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda Döwlet baýdagyny belentde parladyp, bagtyýar halkymyz ata Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljege nur çaýýan iň täze taryhyny döredýär.
Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär. Şonuň üçinem Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ymaratynyň öňünde, dünýäniň çar künjeginde buýsançly pasyrdaýar. Onuň pasyrdysynda ene topragyny, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň şu güne yhlasy, nurana geljege mizemez ynamy, dost-doganlyga bolan belent sarpasy bar.
Esasy Kanunymyzyň kämilligi, Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa, halkara bileleşiginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza bolan dostlukly garaýyş hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenjekdiginiň mizemez kepilidir.
Goý, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Reýimbaý TÄJIMOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



