Žurnalistiň sahypasy

Milli gymmatlyklarymyza sarpa

07-05-2023 / 7

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby ýaş nesliň ömri manyly ýaşamak, ýagşylyk etmek, özüňden ýagşy at galdyrmak, haýyr-sahawatly işler bilen meşgullanmak babatdaky pikir-düşünjelerini baýlaşdyrmakda, olary belent adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Eserde milli gymmatlyklarymyzyň geçmişde halkymyzyň durmuşynda nähili uly orna eýe bolandygy, häzirki döwürdäki ähmiýeti, olara goýulýan belent hormat-sarpa giňişleýin beýan edilýär. Mysal üçin, türkmen halkynyň dünýe malyna deňeýän jandary — düýe maly, onuň müňýyllyklaryň dowamynda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynda tutan orny, ynsan üçin saglyk hem eşret çeşmesidigi barada rowaýatlar esasynda giňişleýin pikir ýöredilýär. «Lukman hekim dünýäden gaýtjak mahaly, adamlaryň: «Indi nähili ýaşarkak?» diýen sowalyna: «Düýe bardyr, şony idediň, şoňa yhlas ediň!» diýendigi hakyndaky rowaýat ýöne ýere dörän däldir. Düýe bütin durmuşda, asyrlaryň dowamyndaky kerwen ýollarynda, ýurtlar hem halklar arasyndaky gatnaşyklarda ulag hökmünde hem ýerini çalşyp bolmajak hyzmatlary bitiripdir. Şonuň üçin türkmen: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» kimin nakyllary döredipdir. Halkymyz: «Düýeli baý – dünýeli baý» hem diýýändir» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynda nygtaýar.

Geçmişde şöhraty dünýä dolan Beýik Ýüpek ýoly arkaly ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bu ýoldan agyr ýükli gatnan düýeli kerwenleriň hyzmaty örän uly bolupdyr. Türkmen topragy bolsa şol gadymy söwda ýolunyň möhüm çatrygynda — ýüreginde ýerleşip, özüniň baý mümkinçilikleri: giň kerwensaraýlary, uly islegden peýdalanýan, köp görnüşli harytlary, ajaýyp azyk önümleri, amatly howa şertleri, dürli ýurtlara üstaşyr geçmek babatdaky oňaýlylyklary bilen, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösüş depginine bat beripdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirilip, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda taryhda uly şöhrata eýe bolan Beýik Ýüpek ýoly zamanabap derejede täzeden dikeldilýär. Dünýäde uly ykrarnama eýe bolýan, Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa, nebitgaz, söwda we medeniýet ulgamlarynda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny äşgär edýän umumadamzat bähbitli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman demir ýollar çekilýär, howa, deňiz-derýa ýollaryndan netijeli peýdalanylýar, döwrebap awtomobil ýollary gurulýar. Olaryň ulanmaga berlenleri bolsa dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkidilmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşýar. Şunlukda, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geçmişde ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda ulag hökmünde-de ýerini çalşyp bolmajak hyzmatlary bitiren düýe jandary indi halkymyzyň buýsanjyna we guwanjyna öwrülen milli gymmatlyklarynyň biri bolup, egsilmez rysgal-bereket çeşmesi hasaplanylýar. Ondan alynýan önümleriň ynsan saglygy üçin ähmiýetiniň örän uludygy bolsa ykrar edilendir.

Jansuluw IŞANOWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe kitaphanasynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu