Žurnalistiň sahypasy

Ýeňişleriň seresi

08-05-2023 / 7

Geçmişi hemişe arzylaýan, şanly sahypalaryň gymmatyny barha beýgelýän döwrümizde her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ýeňşiň gazanylandan bäri ynsan ömrüne barabar ýyl geçdi. Onuň gazanylmagyna goşant goşan gerçekleriň sany, gynansak hem, azalyp barýar. Ýöne ýaşaýyşyň gutulgysyz kadasy olaryň hormatyny, olar baradaky süýji ýatlamalarymyzy ýüregimizden hiç haçan sogrup bilmez.

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda gowgaly ýyllaryň wakalary we şol ýyllarda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy çeperçiligiň ýokary derejesi bilen beýan edilýär. Milli Liderimiziň atasy, Watanyň wepaly perzendi Berdimuhamet Annaýew ýaly gerçekleriň görkezen gahrymançylygy, eziz Arkadagymyzyň pederi Mälikguly Berdimuhamedow ýaly çagalygyny, ýetginjekligini ýa-da ýaşlygyny külpetli ýyllara ogurladan millionlarça ildeşlerimiziň gören kynçylyklary we şol kynçylyklaryň soňundan gelen Ýeňiş öz arzyny üstünden asyrlar geçse-de ýitirmez. Geçen asyryň iň arzyly Ýeňşinde türkmen halkynyň hem juda mynasyp paýy bar.

Merdana pederlerimiziň gahrymançylygyny ýüreginde göterip arzylaýan şu günki nesilleriň ― biziň iň uly bagtymyz jepalardan soň däl-de, irginsiz yhlasdan soň gelen üstünligiň ýeňşine şaýat bolýandygymyzdyr. Haýsydyr bir türgenimiz sportuň haýsydyr bir görnüşinden halkara ýaryşda hormat münberine çykanda, zehinli ýaşlarymyzyň haýsydyr biri haýsydyr bir halkara bäsleşiň ýeňijisi bolanda, iň esasysy bolsa, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň ykrar edilmeginde kalbymyza dolýan duýgular, megerem, ýeňişleriň iň ýakymlylarydyr. Şeýle ýeňişler ömrümizi hem, durmuşymyzy hem bezeýär. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hut şeýle ýeňişlere baý döwür. Ajaýyp döwrümizdäki ýeňişler, belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna eýlenip, has belent mertebä göterilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylyna, belki, hyýallara-da sygmajak derejede ýeňişler sygýar. Her ýylyň 9-njy maýynda bolsa biz dünýä halklarynyň ençemesi bilen birlikde olaryň şanyna toý tutýarys. Mundan 78 ýyl ozal ― 1945-nji ýylda gazanylan Beýik Ýeňşiň gahrymanlary bolsa şol toýumyzyň esasy bezegi!

Madina SEÝIDOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu