Žurnalistiň sahypasy

Mertligiň nusgalary

08-05-2023 / 9

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň nägehan urşunyň ýowuzlyklaryny gerdenlerinde çeken uruş weteranlaryna, olaryň yzlarynda galyp, mukaddes ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklan ýanýoldaşlaryna, şeýle hem tylda tutanýerli zähmet çekenlere goýulýan hormat nusgalyk derejä çykarylýar.

Ömrüni Watana hyzmat etmäge, ony gözleriniň göreji ýaly goramaga bagyşlan bu ynsanlar bilen Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän duşuşyklardyr dabaraly çäreler ýatdan çykmajak pursatlara öwrülýär.

Beýik Ýeňiş mertligiň, gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, parahatçylygyň, asudalygyň belentden dabaralanmasydyr. Dünýä taryhynda iň bir pajygaly ýyllar hökmünde hakydalarda galan Beýik Watançylyk urşy tutuş adamzat üçin uly sapak boldy. 

9-njy maý — Ýeňiş güni mynasybetli Watan gahrymanlary, söweş meýdanlarynyň gerçekleri hatyralanýar. «Ýaşasyn parahat durmuş!» diýip, bütin adamzadyň parahatçylygy, howpsuzlygy ugrunda beýik başlangyçlary dünýä jar edýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz buýsanmalydyrys. Bagtyýar zamanamyzda weteranlar üçin köp sanly mümkinçilikler döredilen, ýeňillikler üpjün edilen. Uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalandyr. Olaryň saglygyny berkitmekde, oňat dynç almaklaryny üpjün etmekde yzygiderli tagallalar edilýär. Ýaşuly nesliň wekillerine hormat-sarpa goýýan, baýramçylyk sowgatlary bilen serpaýlaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu