
Kalbynda Watana bolan söýgüsi, zybanynda eziz Arkadagymyzyň sargytlaryny öwran-öwran gaýtalap bagtyýarlyk döwrüniň eşretleriniň hözürini görýan türkmen ýaşlarynyň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin häzirki wagtda ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýä derejesine laýyk gelýän tejribäni jemgyýetimize ornaşdyrmak, ýaşlary milli ruhda döwrebap gazananlar esasynda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Nesillere watançylyk terbiýesini bermekde, olara hünär öwretmekde ata-babalarymyzyň toplan baý tejribesi, durmuş ýörelgesine öwrülen edep-kadalar häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär. Her bir türkmen maşgalasy bu gün nesilleriň terbiýeli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýar.
Ata-babalarymyzyň döwlet-syýasy we taryhy ýaşaýyş-durmuş ýörelgesiniň beýik aňladylmasy bolan milli ýörelgelerimiz türkmen ýaşlarynyň ykbalynda hem möhüm ugurlary kesgitlemek bilen medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň däplerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin giň ýollary açdy. Merdana pederlerimiz nesillerini watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, fiziki hem ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri barada uly tagallalaryny gaýgyrmandyr.
döwrümizde Gorkut atanyň paýhasy, Görogly begiň gaýraty, Magtymguly Pyragynyň hikmeti, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasy taglymaty bilen terbiýelenýän türkmen ýaşlary Watanyň we milletiň, halkyň hem-de döwletiň hatyrasyna juda köp işleri bitirmäge taýýar. Milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddes ýol-ýörelgesi esasynda ýaşlara aýratyn üns bermegi, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp, ýurdumyzyň ösüşine ösüş, şanyna şan goşmaklary dogrusyndaky alyp barýan beýik işleri indi dünýä ýüzünde giňden dabaralanýar.
Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



