Žurnalistiň sahypasy

Olar diňe ýeňiş üçin doguldy…

06-05-2023 / 9

.Muny hiç kim islemändi. Beýik Watançylyk urşunyň başlanandygy baradaky ajy habar parahat oturan halkda gahar-gazap döredipdi. Watanyň nähili elýetmez, mukaddes zatdygyny serinde aýlan goç ýigitler, merdana ärler dessine onuň goragyna çykypdylar. Bütin türkmen halky öz erk-islegi, ýürek emri bilen bir bitewi jebislikde Watany goradylar.

Bu günki gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlerçe söweşen gerçekleriň hatarynda Gurban Durdynyň, Annagylyç Ataýewiň, Aýdogdy Tahyrowyň, Muhammet Ataýewiň, Allaberdi Agalyýewiň, Gylyçnyýaz Azalowyň, Oraz Annaýewiň, Jumanyýaz Hudaýbergenowyň, Berdimyrat Döwletjanowyň, Nyýazmämet Täçmämmedowyň, Saparmät Hojaýewiň, Rejep Durdyýewiň, Pena Rejepowyň, Orazberdi Hekimowyň, Iwan Bogdanowyň, Tagan Baýramdurdyýewiň, Kerim Dosowyň we ýene-de onlarça watandaşlarymyzyň atlary hormat bilen tutulýar. Meşhur aňtawçy Aga Berdiýew bilen partizan ýigit Geldi Gurbanmyradowyň atlary hem nesillerimiziň ýüreklerinde baky ýaşaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aga hem uruş ýyllarynda Watany goramakda görkezen şahsy edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» diýen medala mynasyp boldy. Uruşda wepat bolan watandaşlarymyz Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýlip yglan edildi. Olaryň ýagty ýadygärligine, mukaddes ruhuna bagyşlap, Türkmenistanyň Arhiw işgärleri «Hatyra» kitabyny neşir etdiler. Ýeňiş bilen öz mähriban ojaklaryna dolanyp gelen gerçeklerimiziň hatyrasyny belent tutmak maksady bilen bolsa, olaryň atlary ýazylan alty jiltlik «Şöhrat» kitaby çap edildi.

Il-ulusy üçin doglan Watan gahrymanlary unudylmaz, olar hemişe halkyň ýüreginiň töründen orun alar.

Mährijemal GURBANOWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu