Žurnalistiň sahypasy

Terbiýe çuňlugy

03-05-2023 / 14

Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde ene-atanyň perzendiň öňündäki kyrk borjy beýan edilýär. Şolaryň ilkinjileriniň we iň wajyplarynyň biri hem çaga ýagşy edep-terbiýe bermekdir. Atababalarymyz perzent terbiýesine juda uly ähmiýet beripdirler.

Geljegiň gözelligini we bagtyýarlygyny perzentlerine berýän edep-terbiýesinde görüpdirler. Çaga terbiýesi we onuň inçelikleri, aýratynlyklary hakynda köpsanly eserleri, ylmy-çeper ýazgylary miras galdyrypdyrlar.  

Çaganyň edep-terbiýesi üçin zerur zatlar:

1. Edebi gözel bolmaly.

2. Göreldesi gözel bolmaly.

3. Terbiýesi gözel bolmaly. 

Edebiň gözelligi iki ugur bilen hasyl bolýar:

Birinjisi -ruhy taýdan; ikinjisi -beden taýdan.

Perzentlerde ruhy gözelligi terbiýelemek üçin olaryň däp-dessurlara hormat goýmagyny we ata-baba asylly däpleri berjaý etmegini öwretmeli we talap etmeli. Dürli ylymlary we edebi-taryhy eserleri öwretmeli. Kitap okamagy talap etmeli.

Perzentlerde beden gözelligini terbiýelemek üçin çapyksuwarlygy öwretmeli, köpçülikde sazlaşykly hereket etmegi ündemeli, il-günüň toý-märekesine gatnaşyp durmagyny gazanmaly. Olarda çeýeligi, çalasynlygy, merdemligi terbiýelemeli. Her bir hereketinde, özüni alyp barşynda salykatly, adamkärçilikli, sylaşykly bolmagy öwretmeli. Bular, göräýmäge, ýönekeý ýaly zatdyr welin, ýöne nesil terbiýesine ýetirýän täsiri örän uludyr.

Ýagşy görelde

Çaga hemişe ululardan we töwereginden görelde alýar. Şolaryň hereketini, sözlerini gaýtalaýar. Munuň üçin olaryň ýanynda diňe ýagşy sözlemeli, göwün göteriji, maksada ugrukdyryjy sözleri köp gaýtalamaly. Çagalaryň ruhy dünýäsine ýaramaz täsirini ýetirjek sözleri ulanmaly däl.

Gözel terbiýe

Perzende terbiýe bermek meselesinde ýagşy ýoly, dogry ugry saýlap almaly. Ýagşy däp-dessurlary, durmuş adatlaryny öwretmeli. Käte bezzatlyk etse, ýumşaklyk bilen düşündirmeli. Saglyk düzgünlerini berk berjaý etmegi pugta tabşyrmaly we talap etmeli.

Oguldöndi MURADOWA,
Halaç etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu