Söhbetdeşlik

Aýgüljigiň sazy

Erjel zehin

01-05-2023 / 16

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn jemgyýetde giň dünýägaraýyşly, zehin-başarnygyny açyp görkezmäge döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaşlar sanardan köp. Olaryň biri-de Aýgül Sähetgeldiýewa. Ol 9 ýaşynda bolmagyna garamazdan okuw sapaklaryndan daşary Mary welaýatynda hereket edýän Mollanepes adyndaky çagalar sazçylyk mekdebiniň 1-nji synpynda skripka saz guralynda saz çalmagy öwrenýär. Zehinli gyzjagazymyz Aýgül Mary welýatynda  geçirilýän köpçülikleýin çärelere özüniň öwrenen sazlary bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň bilim we jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlaryna, sowgatlaryna yzygiderli mynasyp bolýar. Kiçiligine garamazdan geçirilýän dabaralara mynasyp goşandyny goşýan Aýgüljik ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi.

― Eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Serdarymyz, mähriban Arkadagymyz biz ýaşlaryň arzuwymyzy amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýär. Men hem okuwymdan daşary Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sazçylyk mekdebiniň 1-nji synpynda skripka saz guralynda okaýaryn. Tele we radio ýaýlymlarda çalynýan skripkanyň owazy meni özüne maýyl edip, bu ugur bilen meşgullanmaga höwes döretdi. Çagalar sazçylyk mekdebinde maňa bu ugur boýunça Aýjeren Mommadowa halypalyk edýär.

Mugallym maňa skripkanyň döreýiş taryhyny,  şu güne çenli bu ugurdan çykyş edenleriň üstünliklerini gürrüň berdi. Häzirki wagtda-da skripka saz guralynda ussatlyk bilen saz çalýan türkmen ogul-gyzlary meniň bu ugurda gaýybana halypalarym bolup durýar. Olaryň saz çalyşlary, özlerini alyp baryşlary meniň geljekdäki maksatlaryma ýetmegime tutanýerli ädim ätmegime höweslendirýärler.

Şu pursatda biz ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza, mähriban Arkadagymyza çaga kalbymdan köp sagbolsun aýdýaryn.

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Şahsy maglumatlary:

Doglan senesi: 29.06.2014ý.

Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Mary şäheri.

Okaýan mekdepleri: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 14-nji orta mekdebinde 2-nji synp, Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sazçylyk mekdebinde 1-nji synp.

Meşgullanýan ugry: Skripka saz guraly.

Ilkinji öwrenen sazy: Kompozitor W.A. Mosart. «Allegretto»

Çalmagy gowy görýän sazy: Türkmen halk aýdymy «Läleler»

Halypasy:  Aýjeren Mommadowa.

Taýýarlan: Şaperi OTUZOWA,

TMÝG-nyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hünärmeni.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu