
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň nusga alarlyk derejesindäki ussat şahyrydyr. Onuň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren, bahasyna ýetip bolmaýan ruhy baýlykdyr.
Beýik akyldar şahyryň şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Dürdäne setirlerde öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda gymmatly edep-terbiýe ýoluny döredýär. Şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden doly şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy lezzet berýär.
Hakdan halatly beýik akyldaryň şygyrlarynyň gymmaty olardan durmuşyň islendik soragyna jogap tapyp bolýandygy bilen bellidir. Beýik şahyr agzybirlik, edep-terbiýe, ahlak arassalygy, watansöýüjilik, halallyk, tebigata, dünýä akyl ýetirmäge degişli köptaraply, dürli öwüşginli goşgulary döredipdir. Magtymguly Pyragy hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem owadan bolmagyny arzuw edipdir. Adamlary hemişe gowy gylyk-häsiýetler, inçe duýgular, dana pähim-paýhaslar bilen terbiýelemäge çalşypdyr.
Beýik şahyr adamlaryň, esasan hem, ýaşlaryň akylly, parasatly, hoşamaý, edenli bolmagy, gowyny, erbedi saýgarmagy, birek-birege hormat goýmagy, adamyň güýjüniň onuň akylyna, pähim-paýhasyna baglydygyny ündäpdir. Ynsanyň näçe akylly, paýhasly bolsa, şonça-da güýçlüdigini öz eserlerinde belläp geçipdir.
Magtymguly döwürdeşlerine hoş sözli, asylly, sada, akylly, hoşgylaw bolmagy, adam gadyryny bilmegi we hemişe oňa hormat goýmagy öwüt-ündew edip, adamlary dana pähim-paýhaslar bilen terbiýelemäge uly ähmiýet beripdir. Şonuň üçin-de ol dürdäne şygyrlar üstünden asyrlar aşsa-da, türkmeniň terbiýe mekdebi bolup gelýär. Şahyryň pikiriçe, ynsan gözelliginiň ýene bir meselesi özüňden ula hormat goýmak, umuman, ynsany söýmek we ony sylamakdyr. Akyldaryň ulyny sylamagy, kiçini söýmegi, hiç bir ynsana ajy söz aýtmazlygy, kynçylyk çekýän adamlara goldaw-hemaýat bermegi, oňat gylyk-häsiýetli adamlardan görelde almagy ündeýän goşgy setirleri halkyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolupdyr.
Ata-babalarymyz halal ýaşamagyň, terbiýe bermegiň, bilim öwrenmegiň altyn hazynasy hasaplan beýik şahyrynyň goşgularyna mydama uly baha berip gelipdir.
Ajaýyp söz ussady Magtymgulynyň gybatkeşligi, hilegärligi we beýleki ýaramaz endikleri ýazgaryp, mertligi, oňat gylyk-häsiýeti, il-gününe, Watanyna wepalylygy wasp edýän goşgy setirleri dillerden-dillere geçip, halkyň durmuşynda aýratyn terbiýe ojagy bolup, nakyllara öwrülipdir. Parasatly şahyryň bize goýup giden mirasy türkmen halkynyň akyl gönezligine öwrülip, milleti jebisleşdirýär, ýagşyny-ýamany, egrini-dogryny, agy-garany saýgarmaga, akyla, nakyla eýermäge çagyrýar.
Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, ynsanperwerlik, mertebe, halallyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, ýagşylyk, mylakatlylyk ýaly ynsan häsiýetleri öwüt-ündew edilipdir. Magtymguly öz döredijiliginde mertleriň we namartlaryň, batyrlaryň we gorkaklaryň daşky sypatlaryny, olara mahsus bolan gylyk-häsiýetler bilen birlikde, içki duýgularyndaky aýratynlyklary hem çeper sözler bilen suratlandyrmagy ussatlyk bilen başarypdyr.
Türkmen halkynyň taryhynda, edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň her biri terbiýeçilik mekdebidir we pähim-paýhasyň tükenmez hazynasydyr. Beýik şahyr Magtymgulynyň edebi mirasy, öwüt-nesihatlary deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr.
Şirmyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.