Žurnalistiň sahypasy

Bedew — hazyna

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

28-04-2023 / 21

Türkmen halky özleriniň bedewleriniň täsinligini nygtap, olary gymmatly bezegler bilen bezeýär. Ussat zergärler kümüşden, altyndan hem-de gymmat bahaly daşlardan ganatly bedewler üçin täsin şaý-sepleri taýýarlapdyr.

Ahalteke bedewleriniň täsin hem-de aýratyn reňk öwüşgini, uzyn we inçe aýaklary, owadan boýny, sazlaşykly göwresi, ýyndamlygy, örän çydamlylygy atşynaslaryň, seçgiçileriň hem-de seýisleriň döredijilikli, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Olaryň däplerini bu gün ýokary hünärli hünärmenler hem-de öz işiniň ussatlary dowam etdirýärler.

Atlar özleriniň ajaýyp syna gurluşy bilen nepis gözelliklerini hem-de başarnyklaryny, ähli agzalarynyň sazlaşykly hereketlerini görkezdiler. Hakykatdan-da, arassa ganly bedew ussat seýisleriň zehininden dörän hakyky hazynadyr.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi her ýyl däbe öwrüldi. Şol bäsleşigiň esasy maksady bu düşbi we owadan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmekden ybaratdyr.

Hut bedewiň Diýarymyzyň baş nyşanydygy, döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň beýanydygy tötänden däldir. At türkmenler üçin wepaly ýoldaşdyr we dostdur, ygtybarly kömekçidir hem-de sazlaşygyň nusgasydyr. Şoňa görä-de, bedewlere bagyşlanan ençeme rowaýatlar, ertekiler we nakyllar döredildi. Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewi jadyly alamatlar bilen häsiýetlendirdi.

Ilham RAHMEDOW,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe Çagalar sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu