
Ýurdumyzda behişdi bedewleriň şanyna baýramçylyk giňden we dabaraly bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda ýola goýlan asylly däbe görä, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirilýär.
Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagynyň, öwrenilmeginiň we dünýäde giňden wagyz edilmeginiň Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, munuň bolsa behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň we abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýändigi aýratyn nygtalmaly ýagdaýdyr.
Türkmen halkynyň bedewlere bolan söýgüsi heýkellerde öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda Aşgabatdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna giren suw çüwdürimler toplumyndaky Oguzhanyň at üstündäki heýkelini, 10 atyň heýkeller toplumyny, Polatly aýlaw ýolunyň meýdançasyndaky bedewiň heýkelini we paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Andalyp köçesiniň çatrygynda Ýanardagyň heýkeli ýerleşdirilen monumentini görkezmek bolar.
Gülnur PYGAMOWA,
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.



