
Kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumy, şol sanda Tokaý kodeksi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky kanunlar hem-de beýleki möhüm resminamalar tebigaty goramak ulgamynda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.
Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzakmöhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň ýokary depginlerde ösmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar.
Häzirki döwürde Aşgabady bagy-bossanlyga bürenen şäher diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz tomsuň jöwzaly günlerinde hem ýaşyl baglary, suw çüwdürimleriniň ajaýyplygy, bark urýan dürli reňkli gülleri bilen haýran galdyrýar. Täsin sosna, serwi, derek agaçlarynyň tokaýlyklary hem-de köp öwüşginli gül aýmançalary paýtagtymyzyň şäher ýakasynyň tebigatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpetdagyň eteginde arça, pürli we saýaly agaçlary ekilen meýdanlar ýaýylyp ýatyr. Şunuň netijesinde, soňky ýyllarda bu ýerde guşlaryň hem-de haýwanlaryň dürli görnüşleriniň sany ep-esli artdy. Şolaryň hatarynda seýrek duş gelýänleri hem bar.
Ýaş agaçlaryň elde döredilen tokaýlyklary, baglar, seýilgähler hem-de seýilbaglar Türkmenistanyň ähli, hatda iň alysdaky künjeklerinde hem onlarça müň gektara ýaýylyp gidýär. Olar tebigatyň ajaýyp hem-de möhüm künjegine öwrülip, ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Derýalaryň we akabalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy, Garagumuň merkezinde ýerleşen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürendi.
Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde, Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin tokaý zolaklarynyň döredilmegi aýdyň mysallaryň biridir. Aral sebitinde topragyň zaýalanmagynyň hem-de çölleşmäniň öňüni almak maksady bilen, Sarygamyş kölüniň kenarynda, Bötendag baýyrlygynyň töweregindäki 20 müň gektar meýdanda ägirt uly tokaý zolaklary döredilýär.
Hekim ÝUSUPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



