Žurnalistiň sahypasy

Bedew waspy aýdym-saz sungatynda

24-04-2023 / 13

Halkymyz gamyşgulak, syrdam kaddy-kamatly, ýyndam bedewleri bilen taryhyň ähli döwürlerinde hem meşhurlyk gazanypdyr. Ahalteke bedewleri hakyky gözelligi özünde jemleýän tebigatyň täsin gudraty bolup, ynsany özüne bendi edýär.

Diňe bir halkymyzyň guwanjy, buýsanjy bolman, eýsem, dünýä halklaryny hem haýrana goýan bedewlerimiziň waspyny bagşy-sazandalarymyz, şahyrlarymyz arşa göteripdirler. Milli aýdym-sazlarymyzyň halypadan-şägirde geçip, kämil sungat derejesinde bize gelip ýetişi ýaly, atçylyk sungatymyz hem atadan-ogula, seýisden-çapyksuwara geçip, ajaýyp zamanamyza geldi. Aýdym-saz sungaty bilen atçylyk sungatynyň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny aýdan ýagşy.

Türkmen halk döredijiliginiň genji-hazynalarynyň biri bolan «Görogly» eposyny bagry badaşan bu iki sungatsyz göz öňüne getirip bolanok. Epos türkmen bagşy-sazandalary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. «Sen ýetir», «Taý atym» ýaly halk aýdymlary, «Göroglynyň at oýnadyşy», «At çapan», «Dag arman» ýaly birnäçe halk sazlary muny subut edýär.

Türkmen bedewi — çäksiz söýgä we hormata mynasyp jandar. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Türkmeniň aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly döreden maddy gymmatlyklarynyň il-ýurt mertebesine şindi hem mertebe goşýandygynda pederleriň ýalkawy bar. Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hemsyrdaş bolup gelýär. Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris.

Bagtygül SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu