
Şöhratly türkmen halkymyzyň asyrlarboýy ezizlän, toýlarymyzyň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň şanyna häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde toýlar tutulyp, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Taryhyň ähli döwürlerinde-de halkymyzyň syrdaşy, göz-guwanjy bolup gelen meşhur ahalteke bedewlerimiziň bütin dünýädäki abraýy bu gün barha belende göterilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda badalga berlen giň gerimli özgertmelerdir beýik işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär.
Türkmeniň batyr ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary barada ajaýyp nusgawy eserlerimizde-de giňden şohlelendirilýär. Şol eserlerde atyň ynsan bilen dostlugy, öz eýesine wepadarlyk gatnaşyklary örän täsirli we çeperçilikli beýan edilýär. Meşhur «Gorkut ata» eposynda bedewe «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýilýän bolsa, halk döredijiligine degişli eserlerimizde, çuň many-mazmunly, terbiýeçilik häsiýetli nakyllardyr atalar sözlerinde bedew bilen bagly paýhasly pikirleriň we jümleleriň köplügi halkymyzyň atyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Türkmen bedewiniň waspy «At çapan», «At çapar», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Şadilli» ýaly belentden-belent ýaňlanýan nusgawy türkmen sazlarynda hem belentden ýaňlanýar.
Aýnagül MÄMELEKOWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



