Žurnalistiň sahypasy

Geňeşli salamat bolar

23-04-2023 / 9

Mälim bolşy ýaly, 20-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi we onda beýan edilen, röwşen geljege gönükdirilen oýlanyşykly çözgütlerdir aýdyň wezipeler halkymyzda, aýratyn-da, ýaş nesillerde uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan taryhy işler halkymyzyň arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda wajyp ähmiýetli waka boldy. Bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz çuňňur mazmunly çykyş edip, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitledi.

Gahryman Arkadagymyz bu mejlisde eden çuň mazmunly çykyşynda döwlet häkimiýet, dolandyryş edaralarynyň işiniň mundan beýläk hem adam bähbitli tagallalarda jemlenip, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdiriljekdigini aýratyn nygtady. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň döwlet gurmakda iňňän baý tejribe toplan, maddy we ruhy gymmatlyklary döretmegi, dünýä medeniýetine saldamly goşant goşmagy başaran ata-babalarymyzyň mukaddes däplerine we tejribelerine esaslanyp döredilendigini belledi. Halk Maslahatynyň işini guramak, işiň ugurlaryny, derwaýys wezipeleri saýlamak, häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak bilen bagly meseleler barada täzeçil garaýyşlar beýan edildi.

Bu döwletli mejlis günsaýyn gülläp ösýän abadan ýurdumyzyň bagtyýar halkynyň göwünlerini ganatlandyrdy.

Enejan MAMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu