Žurnalistiň sahypasy

Mahmal sesli Gulbaba

22-04-2023 / 14

Heniz üç ýaşyny hem doldurmanka köpçüligiň öňünde «Ýarap borka» aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren Gulbaba bagşy — Möwlamberdi Hanowyň ady hakydalarda baky ýaşar.

Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Heniz mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, emedekläp ýörkä, haýsy tarapdan dutar-gyjagyň sesi eşidilse, şol tarapa gidibermegi onuň kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna getirýär. Şeýlelikde, çagalykdan ussatlygyň bosagasyndan ätlän Gulbabajygyň sungat ýoly başlanýar.

Ol 8 ýaşynda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçen ongünlügine gatnaşyp, «Öz ilimiň bagşysy men», «Begler», «Bellidir» aýdymlaryny ýerine ýetirip, diňleýjileriň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Soňra Moskwadaky halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edýär, oba çeper höwesjeňleriniň döwlet gözden geçirilişinde ýokary bahalara mynasyp bolýar.

Gulbaba bagşy diňe bir aýdym-saz äleminde däl, eýsem, türkmen kino sungatynda hem öz ussatlygyny görkezmegi başardy. Munuň şeýle bolmagyna Mary şäherindäki 2-nji rus mekdebinde okap ýörkä, «Jadyly dür» çeper filmi bilen halkyň aňyna ornan kinorežissýor Meret Atahanow bilen duşuşmagy sebäp bolýar. Ol körpe zehini «Daşgaladaky waka» çeper filminde surata düşmäge çagyrýar. Şeýlelikde, Möwlamberdi Hanow türkmen kino sungatynda halkyň aňynda galan keşpleriň birini janlandyrýar.

Halk arasynda guýrukly ýyldyzyň astynda dünýä inen çaganyň öte zehinli bolýandygy hakynda gürrüňler bar. Bu barada «Gülpam» dessanynda hem birnäçe ýola aýdylýar, şol ýyldyzyň astynda doglan dört çaganyň ykbaly yzarlanýar. Aýdyşlaryna görä, Gulbaba bagşy hem guýrukly ýyldyzyň astynda doglan bolmaly. Bu halk arasynda ýaýran gürrüň, onuň haýsy ýyldyzyň astynda dünýä inendigini subut edýän başga çeşmäniň ýoklugyna garamazdan, bir ýagdaý welin hakykat: Gulbaba türkmen aýdym-saz sungatynda çagalykdan özüni ykrar etdiren ussat. Munuň şeýledigini ol heniz 8 ýaşyny hem doldurmanka beýik halypa, ägirt zehiniň eýesi Sahy Jepbarowyň we sazanda Çary Täçmämmedowyň talapkär synagyndan üstünlikli geçmegi hem şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde juda gysga ömründe ussatlyga ýeten zehiniň adyna baýrak döredildi. Bu baýrak ençeme ýyllardan bäri döredijilik äleminde ýokary netijeleri gazanýan çagalara gowşurylyp gelinýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy türkmen aýdym-saz sungatynda yz galdyran ussadyň adynyň ebedileşmeginde möhüm orna eýedir.

Maruh BALTAÝEW,
Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki Çagalar we sungat mekdebiniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça direktoryň orunbasary, TMÝG-niň ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu